Durmuşda hünär kän. Ýöne ýaňy özbaşdak durmuşa gadam goýýan ýaşlar üçin hünäri dogry saýlap almaklyk her bir adamyň ömrüniň manysyny kesgitleýän örän möhüm zerurlykdyr. Öz göwün söýen arzyly käriniň eýesi bolup, ähli ukyp-başarnygyny şol käre jemleýän adamlar durmuşda rysgal-döwlet tapyp, işleýän zähmet toparynda, il arasynda at-abraýyň, hormat-sarpanyň eýesi bolýarlar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň esasy hünärmen-gidrogeology Şamyrat Mämmetjumaýew hem şolaryň biri.
Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde doglup, önüp-ösen Şamyrat 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, paýtagtymyzdaky şol wagtky Türkmen politehniki institutynyň nebit we gaz fakultetiniň gidrogeologiýa bölümine okuwa girýär we 1998-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlady. Ýaş hünärmen ýollanma boýunça häzirki işleýän kärhanasynda zähmet ýoluna başlady. Ony işe başlan ilkinji günlerinden ekspedisiýanyň gidrogeologiýa bölüminiň müdiri Atamyrat Öwezgeldiýew, baş gidrogeolog Geldi Jumaýew dagy halypalyk goldawy bilen gurşap aldylar.