Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: düzüme maýa goýumlar we innowasiýalar
30.07.21 - 22:34Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Garagumuň giň gollarynyň arasynda
13.07.21 - 15:56Golaýda Malaý gaz käninde ýene bir guwandyryjy waka bolup geçdi. Baýlyklar mekanynda burawlanan nobatdaky guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm buýurmany «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň ussat baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Belent sepgitlere galkynan «Galkynyşnebit»
13.07.21 - 15:58Çelekeniň adybir baýry nebit käninden häzirki döwürde «gara altyn» çykarmagy amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri mukaddes Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmak maksadynda yhlasly zähmet çekýärler.
Maksadymyz şanly ýyly üstünlige beslemek
13.07.21 - 15:59Mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmeklige giň ýol açyldy we hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu ugurda örän uly hem-de möhüm işler amala aşyryldy. Düýpli täzeleniş we uly özgerişler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) hem giň gerim aldy. TNGIZT diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň nebithimiýa pudagynyň iri senagat düzümleriniň biridir.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär
06.07.21 - 18:40«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gazly ýataklaryň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik Hytaýyň «International» milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tarapyndan geçirildi, «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasy onuň ýeňijisi diýlip ykrar edildi.
Şanly senäniň hormatyna
06.07.21 - 18:42Şu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyny döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary-da mynasyp sowgatly garşy alýarlar.
Gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär
06.07.21 - 18:43«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň iň çetki günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olary gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem guramaçylykly dowam edýärler.
Durky täzelenen beket halkyň hyzmatynda
29.06.21 - 15:38Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň garamagyndaky durky düýpgöter täzelenen 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap bekediň ulanylmaga berilmegi ýakymly pursatlara baý boldy.
Çig mala baý Akbulak
29.06.21 - 15:40— Ýurdumyzyň Köýtendag sebiti baýlyklara baýdyr. Milli Liderimiz şol baýlyklary ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatyna goýmak maksady bilen anyk wezipeleri kesgitledi. Öňden bellenilenleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ýerli çig mallara daýanýan kuwwatly önümçilik kärhanalary gurulýar. Bu möhüm işe biziň hünärmenlerimiz işjeň hem-de netijeli gatnaşýarlar.
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlar we hoşniýetli dostlar
22.06.21 - 20:23«Türkmengaz» döwlet konserni «mawy ýangyjy» batly depginler bilen çykarmagy dowam edýär.
Suw gözleýjileriň zähmet üstünlikleri
22.06.21 - 20:26«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir aýyny zähmet rowaçlyklaryna beslemek bilen, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaklyga uludan taýýarlyk görýärler.
Geofizikleriň batly gadamlary
22.06.21 - 20:27«Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy müdirligiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Gullugyň agzybir hünärmenleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen baýram ediljek 30 ýyllyk şanly senesini ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşy almak üçin her bir aýy üstünlikli jemleýärler.
Nebitgaz toplumy: buýsandyryjy netijeler, geljegi uly maksatnamalar
15.06.21 - 15:47Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika strategiýasy ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatynyň netijeli amala aşyrylmagyna hem-de energetika pudagynda milli we döwlet bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Guýulary bökdençsiz işletmegiň çäreleri
15.06.21 - 15:49Nebit önümli gatlaklaryň geologik-fiziki häsiýetnamalaryny, guýularyň önüminiň düzümini we häsiýetlerini, olaryň gurluşlaryny we işleriniň taslama düzgünlerini hasaba alyp, ulanyş döwründe ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryna seredip, öz wagtynda çäresini görüp, nebit akymyny artdyrmak öňde goýlan esasy wezipedir. Çüwdürimli guýularyň kadaly iş düzgüni saýlanyp alnanda, olaryň ştuseriniň diametriniň, gaz faktorynyň, debitiniň (çykymynyň) möçberiniň sazlanylmagy we gatlaklarynyň parametrleriniň öwrenilip seljerilmegi göz öňünde tutulýar.