Makalalar

16090e4426efa4.jpeg
Taryhy wakalar beýik işlere badalgadyr
04.05.21 - 16:05

Toýlary toýa ulaşýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.


16090e49d7d579.jpeg
Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak
04.05.21 - 16:07

Mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň üstümizdäki ýyldaky baş maksadydyr.


16090e5367de11.jpeg
Türkmenistan — ÝB: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
04.05.21 - 16:09

2021-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň elektrik energetikasy we gaz ulgamynda umumy gyzyklanma döredýän taslamalaryň täze sanawyny tassyklar (PCI). Bu sanawa Ýewropanyň energetika bazary üçin zerur bolan hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýany üpjün etmek boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm bolan taslamalar girizilýär.


16090e595ec2fc.jpeg
Tebigy gaz öý-ojaklara eşret paýlaýar
04.05.21 - 16:11

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky sahawaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän milli baýlygymyz — tebigy gaz her bir öý-ojaga eşret paýlaýar. Bagtyýar halkymyzyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň mynasyp paýy bar.


16090e6969381d.jpeg
Döwrüň ruhuna mahsus işler
04.05.21 - 16:12

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda barha rowaçlyga beslenýän üstümizdäki ýylymyzyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary barha golaýlaşýan ak mermerden paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.


1608e70afd4ea3.jpeg
BINAGÄRLIGIŇ GUDRATY
02.05.21 - 19:28

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi — Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi kalbyňda iň ýagşy arzuwlary döredýär we ruhuňy göterýär. Bu täsinligi gözel paýtagtymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirýän ak mermer binalarynda, suw çüwdürimli seýilgählerinde, reňbe-reň açylan güllerinde, saýaly baglarynda, şugla saçýan döwrebap ýollarynda, innowasion tehnologiýalaryň sazlaşygynda, şeýle-de adamlaryň şadyýanlygynda we bagtlylygynda görmek bolýar.


1608e729574801.jpeg
Ähmiýetli okuw sapaklary
02.05.21 - 19:36

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi «Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta mekdeplerde arhiw resminamalaryny peýdalanyp okuw sapaklaryny geçirýär.


1608ba2472e82e.jpeg
ARKADAGYŇ BAGT ŞÄHERI, AŞGABAT
30.04.21 - 16:23

Bu gün ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri halkymyzyň baş şäherimize buýsanjyny has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar.


1608a8abe3f90a.jpeg
Nusgalyk şäher
29.04.21 - 20:30

Häzirki ösen döwürde paýtagt derejesindäki şäherler döwletiň geçmişini, şu gününi we geljegini, ösüşini, ýaşaýyş derejesini açyp görkezýär. Öz döreýşi boýunça her bir paýtagt şäheriň özboluşly aýratynlyklary bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň döreýşi türkmen halkynyň ruhy we milli galkynyşy bilen baglanyşyklydyr.



160890377af8fc.jpeg
Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat
28.04.21 - 16:40

Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar.



1608696ffb6831.jpeg
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
26.04.21 - 20:33

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.


16062fc606abc2.jpeg
Tebigy gazyň eşreti
30.03.21 - 17:09

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen belleniljek 30 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmak üçin döredijilikli hem gözlegli zähmet çekýärler. Häzirki günlerde gazanylýan ýokary önümçilik görkezijileri müdirligiň gazçylaryna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýokary sepgitleri eýelemeklige şert döredýär.