300-e golaý wekil Aşgabatda 18-nji martdaky Halkara maýa goýum forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

300-e golaý wekil Aşgabatda 18-nji martdaky Halkara maýa goýum forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça geçiriljek Halkara forumyna («Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT 2025) taýýarlyk işleri dowam edýär. Forum 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil foruma gatnaşjakdygyny eýýämden tassyklady.

Forumyň baş hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti çykyş eder. 2015-nji ýylda döredilen bu kompaniýa Türkmenistanda elektronika we elektroenergetika pudagynda öňdebaryjy öndüriji bolup durýar. Ol importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine ýöriteleşip, harytlarynyň görnüşini yzygiderli giňeldýär. 2024-nji ýylda “Aýdyň Gijeler” döwlet taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirip, planşetleriň, noutbuklaryň we göçme kompýuterleriň önümçiligini hem-de üpjünçiligini ýola goýdy.

IFT 2025 forumy maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Bu çäre ýurdumyzyň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri hem açar.

Forum barada goşmaça maglumatlary resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz: https://ift.com.tm.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993