Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökünlerini öndürýän himiýa toplumyny gurar

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökünlerini öndürýän himiýa toplumyny gurar

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek hem-de mineral dökünleriň täze görnüşini öndürmek maksady bilen kabul edildi.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993