162022bced9fb9.jpeg
Ilkinji aýyň guwandyryjy netijeleri
08.02.22 - 18:37

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýyny netijeli jemlemek bilen, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Howanyň häzirki sowuk günlerinde gije-gündiziň dowamynda etrabyň sarp edijilerini gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan edaranyň işçi-hünärmenleriniň her bir iş güni ýokary zähmet rowaçlyklaryna beslenýär.


162022c1d719a0.jpeg
Täze beket gurulýar
08.02.22 - 18:38

Ýurdumyzda türkmen topragynyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini düýpli artdyrmak maksady bilen uly tagallalar edilýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle derwaýys çäreler «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligini hem giňden gurşap alýar.


161f8f96eca081.jpeg
Zawodlar toplumynyň täze önümi ekologik abadançylyga uly goşant bolar
01.02.22 - 19:12

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär.


161f8f9aa1388e.jpeg
Suw arassalaýjylaryň zähmet goşandy
01.02.22 - 19:13

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş sapary wagtynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde tebigy gazyň çykarylyşy, bu hazynalar mekanynda zähmet çekýän gazçylaryň iş, durmuş şertleri bilen içgin tanyşmagy «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçilerinde-de egsilmeýän zähmet joşgunyny döretdi.


161f8f9f6bac42.jpeg
Geofizikleriň göreldeli işleri
01.02.22 - 19:14

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Esenguly etrabynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda bolanda, nebitgaz toplumynyň beýleki düzümleri bilen bir hatarda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň günbatar sebitinde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen hem içgin tanyşdy.


161e64dc600c6a.jpeg
Arkalaşykly işiň miwesi
18.01.22 - 15:19

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylary Mary welaýatynyň ilatynyň döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriniň biri — tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan maksatnamalaýyn işleri özüniň oňyn netijesini berýär.


161e64e456b4b1.jpeg
Balkan welaýatynda nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
18.01.22 - 15:21

Geçen penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, sebitiň nebitgaz pudagynda häzirki ýagdaýy düýpli seljermek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini kesgitlemek saparyň baş maksady boldy.


161d3ec84a5ccb.jpeg
Burawlaýjylar iş başynda
04.01.22 - 16:43

— Her bir ýyly şowly jemlemek, ajaýyp baýrama saldamly zähmet sowgady bilen gelmek biziň üçin asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenip geçilen ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galanda taslama çuňlugy 3300 metre barabar bolan gözleg guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Täze ýyl baýramyny hem iş ýerimizde garşyladyk.


161d3ecba90d09.jpeg
«Derýalyk» önümçilik edarasynda
04.01.22 - 16:44

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan müdirlik baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär.


161b9c42513ebf.jpeg
Mynasyp sowgatlar bilen
15.12.21 - 20:32

Her bir şanly senäni zähmet sowgatlary bilen garşylamak, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagyň hasabyna ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her kärhananyň işgärleriniň asylly ýörelgesidir. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatyndaky Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent işgärleri hem bar.


161b2e2d225da4.jpeg
Bagajaly baýlyk öndürijiler
10.12.21 - 15:17

Ymgyr Garagumuň bu sebitinde ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde kuwwatly senagat düzümi peýda boldy. Türkmen topragynyň astyndan tebigy gaz gazylyp alynsa, Bagaja meýdançasynda ony gaýtadan işleýän häzirki zaman desgalary gurlup, işe girizildi.


161b2e42d31882.jpeg
TOPH: energetika howpsuzlygy, arassa ekologiýa
10.12.21 - 15:22

Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin düýpli meseleleriň birine öwrüldi. Bu meseläniň toplumlaýyn häsiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär.


161b2e5872f146.jpeg
Nebitgaz pudagyynyň geljegi: «DÜŞBI GUÝULAR» WE «SANLY ÝATAKLAR»
10.12.21 - 15:28

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty pudagyny ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine uly üns berýär, hut şunuň esasynda hem bu pudaga uly möçberlerdäki maýa goýumlar goýulýar. Bu işler dünýäde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


161b2e42d31882.jpeg
ТАПИ: энергетическая безопасность, чистая экология
10.12.21 - 15:23

В последние десятилетия климатические изменения стали одним из серьёзных вызовов человечеству. Учитывая комплексный характер данной проблемы, Туркменистан уделяет самое пристальное внимание вопросам охраны окружающей среды и рационального природопользования.


161b2e5872f146.jpeg
«УМНЫЕ СКВАЖИНЫ» И «ЦИФРОВЫЕ МЕСТОРОЖДЕНИЯ» БУДУЩЕЕ НЕФТЕГАЗОВОЙ ОТРАСЛИ
10.12.21 - 15:28

Уважаемый Президент Гурбангулы Бердымухамедов уделяет большое внимание задачам развития нефтегазовой отрасли, укреплению ее производственного и научно-технического потенциала, на основе чего в эту отрасль осуществляются масштабные инвестиции. Эти мероприятия направлены на повышение конкурентоспособности топливно-энергетического комплекса страны в мире и обеспечение его вклада в социально-экономическое развитие.