Işleriň netijeliligi ýokarlanýar
12.01.21 - 19:55«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ynamly gadam basdylar. Zawodyň başlygy Annatagan AMANOW bitirilen işler, 2021-nji ýylda öňde duran belent wezipeler barada gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:
Maksatlary myrat tapar
12.01.21 - 19:52Tamamlanan ýyly uly üstünliklere besläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan täze ýyla ynam bilen gadam basanlaryň arasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Demirgazyk Balguýy liniýa önümçilik böleginiň başarjaň işgärleri hem bar.
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi 11 ýyl üstünlikli işleýär
12.01.21 - 19:49Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günlerinde ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, «mawy ýangyjyň» esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.
Kalby joşgunly sürüji
05.01.21 - 19:15— Asuda asmanyň astynda parahat ýaşamak, zähmet çekmek, onuň rehnedini görmek aňrybaş bagtyýarlykdyr. Bize şeýle synmaz bagty Gahryman Arkadagymyz berdi. Ömrümiň şeýle ajaýyp döwre gabat gelendigine guwanmak guwanýaryn, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekip armaýaryn — diýip, Kurbandurdy Mämiýew gürrüň berýär.
Guýulary abatlamagyň kämilleşdirilen tilsimaty
05.01.21 - 19:13Guýular uzak wagtlap ulanyşda bolanlarynda dürli sebäplere görä, olaryň iş sütünlerinde şikes (defekt) emele gelýär. Şeýle şikesleri bejermek üçin guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.
Tebigy gaz eşret berýär
05.01.21 - 19:11«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň beýleki önümçilik düzümleriniň gazçylary bilen birlikde «Baýramalyşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri hem täze, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam goýdular. Edaranyň hyzmat ediş gulluklarynyň işgärleri täze ýylyň ilkinji günlerinden öz işlerini gije-gündizleýin takyk ýola goýup, şäheriň ilatynyň jaýlaryny, şäherdäki edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler.
«Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär
05.01.21 - 19:07Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri nebitgaz ýatagy bolan «Galkynyş» dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi. «Galkynyş» gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder.
Hil we howpsuzlyk möhüm wezipedir
05.01.21 - 19:03«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işleriniň halkara ölçeglerine laýyklykda ýylsaýyn ilerlemeginde onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň nebit we nebit önümleriniň hil gözegçiligini hem-de gaz ölçeýji enjamlaryň tehniki taýdan guratlygyny barlaýan bölümlerinde döwrebap işler alnyp barylýar.
Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde
12.01.21 - 20:00Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.
Tebigy gaz öý-ojaklary ýyladýar
29.12.20 - 17:04«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalarynyň hem-de şäherleriniň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmakda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirýärler.
Nebitgaz toplumy: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň rowaçly menzilleri
29.12.20 - 17:02Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä möçberinde uly dabaralara beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Esasy Kanunymyza — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, Milli Parlamentiň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylyp, iki palataly ulgama geçilmegi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň esasy wakalary boldy.
Sag başym — soltan başym
22.12.20 - 16:45Saglyk her bir adamyň başynyň täjine deňeýän iň gymmatly baýlygydyr, ynsan durmuşynyň bezegidir. Şol baýlykdyr bezegden serpaýly kişiler elmydama özlerini ruhubelent, bagtyýar duýýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan we gurulýan döwrebap, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen anyklaýyş-bejeriş merkezleridir hassahanalar-da, melhem suwly şypahanalardyr arassa agyz suwy zawodlary-da bir maksada — ähli raýatlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Täze ýylyň buşlukçysy nur saçýar
22.12.20 - 16:43Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere beslän halkymyz täze 2021-nji ýyly garşylaýar. Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýylyň baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.
CNPC — Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy
22.12.20 - 16:41Dünýäniň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär. 2017-nji ýylyň sentýabryndan başlap jenap Li Şulýan «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory bolup durýar. «NEBIT-GAZ» gazetiniň baş redaktory jenap Li Şulýan bilen söhbetdeş boldy, şol söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.
Parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlenilýär
22.12.20 - 16:39«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň türkmen Diýarynda nebit çykarylmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanýar.