YGTYBARLY ÜPJÜN EDILÝÄR
26.08.20 - 13:56Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşlerini ykdysadyýetiň nebitgaz toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolsa bu gün dünýäniň ýangyç-energetika babatynda öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi tarapyndan içerki bazary nebit önümleri we harytlyk ýaglar bilen ygtybarly üpjün etmekde göreldeli işler bitirilýär.
NEBITÇILERIŇ DURMUŞYNY ÖWRENEN ALYM
26.08.20 - 16:54Taryh ylymlarynyň doktory Şyhberdi Annagylyjow 1930-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dünýä inýär. 1947-nji ýylda Lebap welaýatyndaky mugallymçylyk institutyna okuwa girip, 1951-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar. 1951 — 1954-nji ýyllarda Bäherden we Gökdepe etraplarynyň mekdeplerinde mugallymçylyk edýär. Gökdepe etrabynyň bilim bölüminiň usulyýet otagynyň müdiri bolýar. 1954 — 1957-nji ýyllarda SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň etnografiýa institutyna aspirantura okuwa girýär.
TÄZE SEPGITLERE UGUR ALYNDY
26.08.20 - 16:46«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary hem özüniň mübärek gadamy bilen halkymyza egsilmez şatlyk we ýokary ruhubelentlik getiren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan täze — 2020-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Müdirligiň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň ilatyny hem-de edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde ýyladyş ulgamlarynda ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.
ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI
26.08.20 - 16:33Yurdumyzda durmuşyň gül-gunçasy çagalaryň tomusky we gyşky dynç alyş möwsüminde wagtyny netijeli geçirmegi üçin ähli amatly şertler bar. Çagalaryň müňlerçesi ýylyň-ýylyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatlarymyzdaky döwrebap merkezlerde talabalaýyk dynç alýar we saglygyny pugtalandyrýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Gökdere jülgesinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezleri uly ähmiýete eýe bolup durýar.
TEBIGY GAZYŇ HÖZIRI
26.08.20 - 16:48Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul eden Maksatnamasynda täze nebitli, gazly ýataklary ýüze çykarmak, özleşdirmek, uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak, ony gaýtadan işlemek, sarp edijilere ýetirmek boýunça ulgamyň önümçilik düzümleriniň öňünde durýan wezipeler takyk kesgitlenilýär.
NEBIT PUDAGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNAŞDYRYLMAGY WE ÖSDÜRILMEGI
26.08.20 - 15:08Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar.
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY — ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
26.08.20 - 15:12Dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmaklygyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň oňyn garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly gurallarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär.