Mediýa
16322cc4d5497e.jpeg
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
15.09.22 - 16:55

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.


16320a58c0dda6.jpeg
Sekiz aýyň jemlerine garaldy
14.09.22 - 01:45

Şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


162b5ea5c80026.jpeg
Aşgabatda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
25.06.22 - 02:46

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly gibrid görnüşinde halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.


162a6dc80e00bb.jpeg
Ylymlar gününe bagyşlandy
13.06.22 - 16:34

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Ylymlar gününe bagyşlanyp, «Ylym — mynasyp durmuşyň kepili» diýen at bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi.


162a06caa8f3aa.jpeg
Bäş aýyň jemlerine garaldy
08.06.22 - 19:32

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.