Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
18:05 16.02.2023 2296

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
12-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
6-njy maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»
Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.