Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.06.24 - 17:366-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasyndaky wideokonferensiýa görnüşinde duşuşykda nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
GDA döwletleri ýangyç-energetika toplumyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmäge taýýarlanýarlar
07.06.24 - 17:35Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler ýangyç-energetika toplumyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasyny işläp düzmegi meýilleşdirýärler. Bu barada BELTA agentligi Belarus döwletiniň energetika ministrligine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti täze elektroenergetika desgalaryny işe girizmek dabaralaryna gatnaşdy
06.06.24 - 17:225-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
TESC-2024 halkara ylmy maslahatynyň wekilleri ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
06.06.24 - 17:23Şu gün, 6-njy iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam etdi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
Daşky gurşawy goramak we ýaşyl geljek ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri – Aşgabatda Halkara ylmy maslahatynyň gün tertibinde
05.06.24 - 19:41Şu gün, 5-nji iýunda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahat (TESC 2024) öz işine başlady.
SOCAR we BOTAS Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdiler
05.06.24 - 18:07Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we BOTAS türk kompaniýasy tebigy gazy satyn almak, ibermek we üstaşyr geçirmek hakynda birnäçe şertnamalara gol çekdiler diýip, Azertag habar berýär.
Ärdogan Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermekligiň wagty barada aýtdy
05.06.24 - 18:08Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermekligiň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny ynanýar.
TESC 2024 halkara ylmy maslahaty ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmeklige ünsi çekýär
04.06.24 - 15:08Ertir, 5-nji iýunda türkmen paýtagtynda “Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri” atly Halkara ylmy maslahat (TESC 2024) öz işine başlar. Maslahat jemgyýetçiligiň ünsüni ekologiýa we durnukly ösüş meselelerini çözmelige çekmeklige gönükdirilendir. Daşky gurşawy goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän duşuşyk onda ara alnyp maslahatlaşyljak temalaryň möhüm ähmiýetini nygtaýar.
Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we syýahatçylyk - Türkmen-katar syýasy geňeşmeleriniň üns merkezinde
04.06.24 - 15:07Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde maýa goýumlar, syýahatçylyk, nebitgaz we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
03.06.24 - 15:58Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji noýabra çenli 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy
03.06.24 - 15:59Prezident Serdar Berdimuhamdow Maliýe we ykdysadyýet ministrligini Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga borçlandyrýan resminama gol çekdi.
Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
03.06.24 - 16:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wajypdygyny belledi
01.06.24 - 17:0031-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Hökümetara Türkmen-saud toparynyň mejlisine gatnaşyjylar geljegi uly taslamalary kesgitlediler
31.05.24 - 16:21Er-Riýadda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmeklik meseleleri maslahatlaşyldy we geljegi uly taslamalar boýunça çözgütleri kabul edildi.
Türkmenistan we Şri-Lanka nebitgaz, himiýa senagaty, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine eýe
31.05.24 - 16:2130-njy maýda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde nebitgaz we himiýa senagatlarynda, ulag-logistika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.