Mohammed Barkindo: erkin çykaryş kuwwatlyklary taryhda iň pes ýagdaýda, syýasy çözgütler zerur
07.07.22 - 14:20Gazylyp alynýan ýangyçdan el çekmäge çagyryşyň netijesinde pudaga doly maýa goýmazlyk zerarly 62 ýyllyk taryhyň dowamynda OPEC ýurtlarynyň erkin çykaryş kuwwatlyklary iň pes ýagdaýda, bazarda nebit ýetmezçiliginiň meselesini çözmek üçin syýasy çözgütler zerur. Bu barada OPEC-iň Baş sekretary Mohammed Barkindo 5-nji iýulda Nigeriýadan geçen maslahatyň açylyşynda eden çykyşynda belledi. Görlüp oturylsa, bu Mohammed Barkindonyň köpçüligiň öňünde iň soňky çykyşy boldy. Ol şol gün gije aradan çykdy.
Bäş aýda TNGIZT-de önümçilik meýilnamasy 110,4% ýerine ýetirildi
05.07.22 - 21:03Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýy ýokary önümçilik-ykdysady görkezijiler bilen tamamlandy. TNGIZT-de çig nebitiň gaýtadan işleniş möçberi hasabat döwründe 1 mln 878 müň tonnadan gowrak boldy, şol bir wagtda meýilnama 110,4% ýerine ýetirildi.
BSG-niň wekili Türkmenistanyň DIM-inde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
05.07.22 - 21:04Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň arasynda geçirilen duşuşykda BSG bilen ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri
04.07.22 - 20:30Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 800 müň dollaryna barabar boldy.
«Türkmenenergo» Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça türk kompaaniýasy bilen şertnama baglaşar
04.07.22 - 20:31«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama baglaşar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Lebap welaýatynda umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy
04.07.22 - 20:32«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisinde habar berdi.
Türkmen-wýetnam işewürler forumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär
01.07.22 - 18:5429-njy iýunda Türkmenistanyň wekilýetiniň iş saparynyň çäklerinde Wýetnamyň paýtagty Hanoýda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen türkmen-wýetnam işewürler maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebitiň bahalary aşaklaýar, Brent — 108,84 dollar
01.07.22 - 18:55ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň haýallaýandygy we energiýa serişdelerine bolan islegiň peselmeginiň mümkinligi baradaky nobatdaky yşaratlaryň çäginde anna güni nebitiň bahalary aşaklap, hepdäni peselmek bilen tamamlaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Raisi: Eýran mundan beýläk hem türkmen gazyny swoplaýyn Azerbaýjana ibermegini dowam etmäge taýýar
02.07.22 - 13:39Eýran geljekde hem öz çäginiň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana ibermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda belledi diýip, IRNA habarlar agentligi habar berýär.
«Türkmennebit» we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar
01.07.22 - 15:21Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak bilen ýurdumyz dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.
Wladimir Putin: «Gazpromyň» ýolbaşçylary ýakynda Türkmenistana geler
30.06.22 - 22:35Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin «Gazpromyň» ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.Bu barada Russiýanyň Lideri 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti tamamlanandan soň, žurnalistleriň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, Russiýanyň Prezidentiniň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar
30.06.22 - 22:36Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda belledi.
Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti «Hazar bäşliginiň» hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylyşyny tassyklady
30.06.22 - 22:3729-njy iýunda Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň paýtagtynda VI Hazar sammiti geçirildi
30.06.22 - 16:2429-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy
30.06.22 - 16:28Sişenbe güni Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda boljak VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek hem-de onuň gün tertibine girizilen meseleleri ylalaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.