Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin serişdäniň önümçiligi başlandy

06:43 28.11.2024 3401

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/12478/original-1674708320a1c1.jpg

Türkmenistanda ilkinji gezek awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär diýip, ORIENT habar berýär.

“Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” haryt nyşanly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Täze önüm Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) atly sergisinde tanyşdyryldy.

“Bir Kuwwat” HK-nyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhana ýurduň içerki bazarynyň täze türkmen önümi bilen üpjün edilmegine üns berýär, daşary ýurtlara eksporty bolsa indiki tapgyrda meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, kärhana giň ulanyşly BK Blue minerallaşdyrylmadyk suwuň önümçiligini ýola goýdy. Bu suw AUS 32 serişdesiniň önümçiligi üçin hem ulanylýar. Durmuşda ony kir we gap ýuwujy maşynlarda, ütüklerde we howany çyglandyryjylarda ulanmagy maslahat berilýär. Senagat we hojalyk pudaklarynda ol ýylylyk energiýa geçiriji toplumlarynda we ýylylyk tabşyryjylarda, sowadyjy ulgamlarynda we çyglandyryjylarda ulanylýar.

“Bir Kuwwat” HK-nyň ýene bir möhüm önümi awtomobillerde hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni alýan antrfrizler bolup dur. Kärhananyň, esasan, Türkmenistanyň çäginde alynýan çig mal serişdelerini ulanýandygyny bellemelidir. Onuň ähli işi, ýagny önümiň goýberilmeginden olaryň daşalýan kanistra (gaplaryň) gaýtadan ýasalmagyna çenli, ekologiýa taýdan arassa önümçilige esaslanýar.  Kompaniýa müşderilere geljekde gaýtadan işlemek üçin öňki ulanylan gaplary yzyna gaýtarmagy teklip edýär, bu bolsa daşky gurşawa bolan ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.

Başga makalalar
16204c558dbe3a.jpeg
Türkmen geofizikleriniň netijeli işi geljegi uly nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Uzynаda» känine baryp gördi we nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ýurdumyzyň baý çig mal binýadyny özleşdirmek boýunça maslahat geçirdi.


1649188407740e.jpg
Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


164917f7d9c62d.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


16679b8c02dec8.jpg
Şaşka bäsleşigi

Aklar başlaýar we utýar


1648ff9774e975.jpg
«Belli» HJ “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar

“Belli” hojalyk jemgyýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli karary duşenbe güni Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.