Türkmenistanyň Prezident nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
08:28 04.01.2025 7195
3-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde, mawy ýangyjyň gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde TNGIZT-niň işini döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy
Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.