Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady
12:25 06.01.2025 8407
Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady. Iş meýilnamalarynyň taslamalary 3-nji ýanwarda Hökümet mejlisinde hödürlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp taýýarlanylan meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
Şol sanda durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşini, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermegiň, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, oba hojalygy, söwda toplumlaryny ösdürmek boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny hem makullady.
Bellenilişi ýaly, taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
В сфере транспорта будет продолжено строительство железнодорожных и автомобильных вокзалов, воздушных гаваней, а также морских судов, укрепление профильной материально-технической базы.
Ulag ulgamynda 2025-nji ýylda döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, deňiz gämileriniň, häzirki zaman önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň dowam etdirilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýerlere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
31-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.