Birža söwdalarynda içerki bazara nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
22:11 20.01.2025 81
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplügi, pagta süýümi, flanel matasy, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 129 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nebit bitumyny we polipropileni, (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügini, boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 187 müň manada deň boldy.
Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
Hyundai Engineering OGT-2022-niň kümüş hyzmatdaşy
Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy" Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa
Halkara maslahaty we sergi (OGT-2022) resmi taýdan 26-njy oktýabrda açylyp, ol 28-nji oktýabr aralykda üç gün dowam eder.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti
Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.