Bagajada baýlyk önýär

Bagajada baýlyk önýär

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edara şahamçasynyň Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynyň başarjaň işgärleri hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olar türkmen topragynyň jümmüşinden gazylyp alynýan tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda geçginli önümleri öndürmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler.

— Öz zähmetimiz arkaly hormatly Prezidentimiziň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň öňünde goýan jogapkärli wezipelerini abraý bilen berjaý etmäge goşandymyzy goşmagy watançylyk borjumyz hasaplaýarys. Biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny üstünlikli jemlemegi maksat edinip, agzybirlikli işleýäris. Munuň üçin önümçilik desgalarymyzda oturdylan enjamlaryň sazlaşykly we öndürijilikli işledilmegi üpjün edilýär. Kärini söýýän, hünärine ähli başarnygyny, gujur-gaýratyny bagyş edýän işgärlerimiziň edýän tagallalary ýerine-de düşýär — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Farhat Saidow gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993