«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň türkmen Diýarynda nebit çykarylmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanýar.
Ata Watanymyzda ýeriň jümmüşindäki esasy uglewodorod çig mallary bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirip, içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde bitirilýän döwrebap işler hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen alymlarynyňdyr geologlarynyň tassyklamaklaryna görä, kärhananyň iş alyp barýan Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde uglewodorod çig mallarynyň bol gorlary jemlenendir. Şu ýagdaýyň özem Günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuň we has çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyna güwä geçýär.