Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýär
10:37 19.03.2025 6335
Prezident Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda Türkmenistanyň energetika we ulag ulgamlaryny ösdürmekde sebit hyzmatdaşlygynyň uly geljegini görýändigini belledi.
“Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň ähmiýeti örän uludyr” diýlip habar beriş serişdelerinde çap edilen gutlagda aýdylýar.
“Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde halkara taslamalary işjeň amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň köptaraply ulgamyny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyz sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Munuň özi geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
“Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir. Biz bu ugurlar boýunça sebit derejesinde hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris” diýip, döwlet Baştutany belleýär.
“Türkmenistan sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýdýar.
“Geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açyldy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizildi” diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistan sebitde halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. Şu nukdaýnazardan, Hind ummanynyň portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýäris. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän bu halkara üstaşyr ulag geçelgesi ýük akymlarynyň artmagynda, taslama gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ýangyç-energetika ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi-de yzygiderli artdyrylyp, eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Dünýäde energiýa serişdelerine bolan talaplaryň gün-günden artýandygyny nazarda tutup, ýurdumyz energetika taslamalaryny amala aşyrmakda sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ony täze derejelere çykarmagy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Energetika, ulag we üpjünçilik taslamalaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetiň kuwwaty barha artýar. Sebitiň ýurtlarynyň umumy ösüşini göz öňünde tutýan bu ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna beýleki döwletlerdir iri halkara guramalaryň, şol sanda halkara maliýe düzümleriniň işjeň gatnaşmagy daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa taýdan ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
“Maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany belleýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite we Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy
4-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite hem-de Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan ÝB bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutany 4-nji aprelde Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitinde beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: “Garaýyşlaryň umumylygyndan ugur alyp, Merkezi Aziýany parahat, ykdysady taýdan özüne çekiji durnukly sebit hökmünde görýäris”
Häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris. Bu ugurda dünýä bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam bermeli diýip hasaplaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde çykyşynda belledi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.