Energetika tehnologiýalary babatda öňdebaryjy bolan «Baker Hughes» kompaniýasy 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri bolup çykyş eder. Bu barada forumyň guramaçylary habar berdiler.
Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy nebitgaz pudagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek we halkara tejribe alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döreder.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Baker Hughes» ýataklary özleşdirmek, gaz infrastrukturasyny kämilleşdirmek we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak babatda tehnologiki çözgütlerini görkezer.
Halkara maslahat we sergi dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň, işewür toparlarynyň we energetika kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.
«Baker Hughes» dünýä energetika bazarynda öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolup, nebitgaz pudagy, gaz infrastrukturasyny ösdürmek we täze energetika ugurlary üçin innowasion çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa bir asyrdan gowrak tejribä eýe bolup, 120-den gowrak ýurtda işleýär we dünýäniň iň ägirt energetika we senagat kompaniýalarynyň hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär.