Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz”, “Türkmennebit” DK-laryň gurluş düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy
13:14 21.03.2025 3813
20-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu işleriň geçirilmegi nebitgaz ýataklarynyň tapgyrlaýyn özleşdirilmegini netijeli dowam etdirmäge, pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny talabalaýyk alyp barmaga, nebit we nebithimiýa senagatyny okgunly ösdürmäge ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň gurluş düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.
Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi
5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.