Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady

16:29 25.03.2025 217

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/13571/original-167e24f06d2651.jpg

“Eziz watandaşlar! Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji martda merkezi neşirlerde çap edilen gutlagynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr” diýlip, gutlagda aýdylýar.

Döwlet Baştutany bu Kararnamanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýandygyny belleýär.

“Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatymyza ýokary baha berip, bu Kararnamany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de ähli halkynyň minnetdarlygy çäksizdir” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, BMG Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr, sebitde hem-de dünýäde ygtybarly daýanjydyr.

“Biziň tekliplerimiz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan bu ugurda möhüm Kararnamalar kabul edilip, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy has-da pugtalanýar. Bu Kararnama halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwletimiziň daşary syýasatynda hem-de halkara gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Başga makalalar
16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


163984928c6fbd.jpeg
Türkmenistan — dizel ýangyjynyň iň arzan bahaly ýurtlarynyň hatarynda

Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasy — dünýäde iň arzanlarynyň biri. Muňa GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan düzülen dünýä boýunça dizel ýangyjynyň bahalarynyň reýtingi şaýatlyk edýär.


16392cf1c18ab5.jpeg
Türkmenistan we Azerbaýjan ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler

Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler.


16398173d88b9f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


163916f1074b11.jpeg
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.