Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä möçberinde uly dabaralara beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Esasy Kanunymyza — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, Milli Parlamentiň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylyp, iki palataly ulgama geçilmegi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň esasy wakalary boldy. Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly, beýik işleriň, taryhy başlangyçlaryň gözbaşynda duran Arkadag Prezidentimiziň Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagy agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň öz milli Lideriniň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygynyň ykrarnamasyna öwrüldi.
Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem şu ýylda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Duşumyzdan geçip barýan ýylyň belentliginden geçilen ýola nazar aýlamak, ýylyň şatlykly, ýatda galyjy pursatlary hakda söz açmak, elbetde, ýakymly duýgulary galdyrýar.