Prezident: Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar
12:00 29.04.2025 2719
Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutany bu taslamalaryň diňe bir ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge hem uly goşant goşjakdygyny nygtap, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we täze başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesinde geçirilýän ilkinji forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklar dostluga we özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag, logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
«Türkmengaz» DK-nyň yglan eden bäsleşigi «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin kompressor stansiýasyny gurjak potratçyny kesgitlär
«Türkmengaz» döwlet konserni halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurjak, enjamlar bilen üpjün etjek we ony işe girjek kompaniýany kesgitlär. Degişli bäsleşik 20-nji iýunda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Nebitiň bahasy oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäkde, Brentiň barreli — 80 dollar
Nebitiň bahasy çarşenbe güni söwdalaryň ýapylmagy bilen oktýabryň başyndan bäri iň aşak çäklere düşdi we arzanlamagyny dowam edýär.
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler
Dekabr aýynda OPEC-iň ministrleriniň duşuşygynda 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEC-iň baş sekretary wezipesine bellemek üçin Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisiniň dalaşgärligi maslahatlaşylar diýip, Kuweýtiň nebit we ýokary bilim ministri Muhammed Abdel Latif al-Fares Abu-Dabidäki ADIPEC-2021 Halkara nebitgaz sergisiniň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüligine hödürlenen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda öňde ýerleşýär
Türkmenistan dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça Merkezi Aziýada öňdäki orunlarda ýerleşýär diýip, Global petrol Prices portaly (GPP) habar berýär.