Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi 11 ýyl üstünlikli işleýär

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi 11 ýyl üstünlikli işleýär

Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günlerinde ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, «mawy ýangyjyň» esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.

Bu barada habar bermek bilen, «Sinhua» habarlar agentligi we beýleki habar beriş serişdeleri Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň eýýäm 11 ýyl bäri durnukly işläp gelýändigini belleýärler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň (Western Pipeline Company) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan tebigy gazyň 39 milliard kubmetre golaýy iberildi. 2009-njy ýylda gaz geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri bolsa, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň iberilen umumy mukdary 336 milliard kubmetrden
hem geçdi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993