«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Duşuşykda hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýol gurluşygynyň desgalarynyň örän köpüsi guruldy. Şeýle desgalaryň gurluşygy häzirki wagtda hem batly depginlerde dowam edýär. Bularyň ählisi halkymyzyň howpsuz, rahat durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Döwrebap ak ýollarymyzda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ähli herekete gatnaşyjylaryň borjudyr. Abadan ýollarymyzda hereketi sazlaýjy, ugrukdyryjy enjamlaryň dürli görnüşleri oturdylandyr. Şol enjamlara sürüjileriň hem, pyýadalaryň hem berk eýermegi möhümdir. Biziň her birimiziň ömrümiziň rahatlygy kanuny kadalary, düzgünleri berk berjaý etmek bilen baglydyr.
Duşuşygyň ahyrynda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.