Ekologiýa abadançylygy ileri tutulýan ugurdyr

Ekologiýany, ýagny daşky gurşawymyzy gorap saklamak Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň borjudyr. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyny, jemgyýetiň ekologik düşünjesiniň ösdürilmegini hem-de arassa, sagdyn we amatly gurşawyň döredilmegini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty soňky ýyllarda has uly netijelere eýe boldy.

Häzirki wagtda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi ekologiýa meselelerine esaslanyp alnyp barylýar. Şunda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işleri giň gerime eýe boldy we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze ekoinnowasiýalary ornaşdyrmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Täze tehnologiýalar arkaly howanyň arassalygyna bolan gözegçilik ýokarlandyrylýar, gurulýan we hereket edýän zawod-fabrikleriň işiniň ekologik talaplara laýyk gelmegi ugrunda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa howpsuzlygy syýasatynda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyndan ugur alýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribeleri türkmen ekologlary tarapyndan öwrenilýär, abraýly halkara guramalar bilen aragatnaşyklar ýola goýulýar. Awaza halkara forumynda ekologiýa meselesi boýunça BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklar, olaryň netijeleri, ony giňeltmegiň ýollary babatda maslahatlar geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň çäginde eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň netijelidigini bellemegiň zerurdygyny nygtady.

Ýaşlar döwletimiziň geljegini gurujylar bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ähli ylym-bilim edaralarynda ekologiýa medeniýetiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ekologiýa boýunça guralýan sapaklar häzirki zaman ekologiýasynyň emele gelşi, taryhy ösüşi, onuň ylmy esaslary, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy boýunça düşünjäni kemala getirýär. Şeýle hem şahsyýetiň tebigat bilen gatnaşygynda we daşky gurşawda özüni alyp barmagynyň kada-kanunlaryny, ekologik jogapkärçiligini öwredýär. Daşky gurşawy gorap saklamaga we ekologiýa syýasatyna ýaşlaryň işjeň goşulmagy bagtyýar we kämil geljege barýandygymyzy aýdyň ýüze çykarýar.

Şöhrat AŞYROW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993