Dünýäniň nebitgaz bazary üçin her ýyl 540 mlrd dollar möçberinde maýa goýumlary gerek - HEA

Dünýäniň nebitgaz bazary üçin her ýyl 540 mlrd dollar möçberinde maýa goýumlary gerek - HEA

Nebit we gaz önümçiliginiň häzirki derejesini 2050-nji ýyla çenli saklamak üçin dünýä energetika pudagy her ýyl täze ýataklary gözlemek üçin takmynan $540 milliard möçberinde maýa goýumlaryna mätäç bolar diýip, Halkara Energetika Agentligi (HEA) çaklaýar. Bu barada INTERFAX habar berýär.

Şu ýyl bu görkeziji takmynan $570 milliard bolar we öňki ýyl bilen deňeşdirilende biraz azaldy diýip, Bloomberg-e HEA-nyň energiýa üpjünçiligi boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Kristof Makgleýd gürrüň berdi.

Çaklama 15 müňden gowrak ýataklaryň seljerilmegine we olardaky önümçiligiň peselme depginine esaslanýar. Zerur maýa goýumlary bolmasa, dünýäde önümçilik her ýyl Norwegiýa bilen Braziliýanyň umumy önümçiligine barabar möçberde — günüň dowamynda 5 million barrel-den gowrak azalar.

Şu ýyl hem-de indiki ýylda dünýä bazarynda teklibiň artykmaç boljakdygy çaklanylýar. Şeýle-de, Britaniýanyň energetika ägirdi BP Plc-nyň garaýşyna görä, OPEK-den daşary ýurtlardaky nebit önümçiligi 2026-njy ýylyň başyndan başlap 12–18 aýlap üýtgemez görnüşde galar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993