Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini açdy

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini açdy

9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly habar berýär.

Duşuşyk ähmiýetli döwürde – GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda geçirilýär. Çäre agza ýurtlaryň ýolbaşçylaryny köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek we geljek üçin esasy ugurlary kesgitlemek maksady bilen bir ýere jemledi.

Mejlisi açyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyjylary Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady, şeýle hem Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna we halklaryna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Baştutany geçen ýyllaryň dowamynda GDA-nyň syýasy gepleşikler, ykdysady gatnaşyklar we ynsanperwer özara hereket üçin talap edilýän meýdança hökmünde özüniň durnuklydygyny subut edendigini nygtady. Obýektiw kynçylyklara garamazdan, deňhukuklylyk, özara hormat we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň berk binýadyny saklamak başartdy.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem umumy haryt dolanyşygynyň durnukly oňyn depginini we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli giňelýändigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň bellemegine görä, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer alyş-çalşyklara, şeýle hem ylym, bilim, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Prezident köptaraplaýyn gepleşigiň GDA formatynda halklaryň arasynda ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, şeýle hem Arkalaşygyň halkara ulgamdaky abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýändigini nygtady.

Nebitgaz №40
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№40

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 6-sy

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993