Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.

SPE-niň öňde duran duşuşygy pudagyň wekilleri bilen akademiki jemgyýetçiligiň arasynda tehniki tejribe alyşmak we gepleşik geçirmek üçin mümkinçilik berer.

SPE-niň wekilleri ýakynda Aşgabada saparyň barşynda energetika guramalary, halkara operatorlary we akademiki edaralar bilen gepleşikler geçirdiler.

9-njy oktýabrda geçirilen tehniki tegelek stolda hünär taýdan ösüş we bilim alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy ugurlar hökmünde ýetişen känleri özleşdirmek, gorizontal buraw, uglerody tutmak, ulanmak we saklamak (CCUS) hem-de emeli aňyň jogapkärçilikli ulanylyşy kesgitlendi.

2026–2027-nji ýyllar üçin teklip edilen ýol kartasyna webinarlar, seminarlar we talyplar üçin çärelerin täzeden başlanmagy girýär. Aşgabat 2027-nji ýylda SPE-niň ýyllyk Hazar tehniki konferensiýasyny we sergisini geçirmek üçin ýer hökmünde hem göz öňünde tutulýar.

Işjeň hünär aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagy operatorlara we gözlegçilere amaly tejribe alyşmaga we tehnologiýalary taslamanyň zerurlyklaryna laýyklykda bahalandyrmaga kömek eder.

Nebitgaz №41
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№41

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 13-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993