OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.

Maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde Galkynyş känini özleşdirmek, TOPH gaz geçirijisini gurmak, Hazar deňziniň kenarýaka zolagyny ösdürmek mümkinçilikleri, gazy gaýtadan işlemek we nebithimiýa meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň energetika boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň halkara maýa goýumlary, tehnologiýalar we inženerçilik tejribesi bilen utgaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, islegiň ýokary bolmagy sebäpli maslahata gatnaşmak üçin hasaba durmagyň möhleti 15-nji oktýabra çenli uzaldyldy. B2B duşuşyklaryny geçirmek üçin arza bermegiň ahyrky möhleti hem 15-nji oktýabrda tamamlanýar.

Nebitgaz №41
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№41

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 13-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993