BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar. Muny 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2026» maslahatynda çykyş eden BOTAŞ türk kompaniýasynyň Müdiriýetiniň başlygy we baş direktory Abdulwahit Fidan mälim etdi.
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz üpjünçiligiň we söwdanyň giň ulgamynda aýratyn orun eýeleýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary energetika ulgamynda geljekki hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär diýip, çykyş eden belledi.
«2025-nji ýylda türkmen gazynyň Türkiýä ugradylyp başlanmagy möhüm sepgit boldy. Biz muňa has giň möçberli hyzmatdaşlygyň başlangyç nokady hökmünde garaýarys. Indiki maksadymyz — bu üstünligi pugtalandyrmak we üpjünçilik ulgamynda uzak möhletleýin, durnukly gatnaşyklary ýola goýmakdyr» diýip, Fidan sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisiniň geçirilendigini belledi. Duşuşygyň barşynda iki tarap hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Sebit energetika gatnaşyklaryny ösdürmek Türkiýäniň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
«Şu nukdaýnazardan, türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra türk çäginiň üsti bilen Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar» diýip, Fidan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkiýäniň tebigy gaz infrastrukturasynyň ösendigi we BOTAŞ kompaniýasynyň dürli bazarlara elýeterliliginiň bolmagy bu maksady amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bu mümkinçilikleri hakyky taslamalara öwürmek üçin öndürijiler, daşaýjylar we alyjylar tehniki hem-de täjirçilik meseleleri boýunça özara düşünişmäge ýetmeli. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň hyzmatdaşlygy çözüji ähmiýete eýe bolar.
«BOTAŞ bu işi goldamaga taýýardyr. Biz tebigy gazy üpjün etmek, daşamak we söwdasyny etmek babatdaky tejribämizi türkmen hyzmatdaşlary we prosesiň beýleki ähli gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlyga getireris. Umumy maksatlarymyzyň anyk taslamalara öwrülmeginiň ýurtlarymyzyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynanýarys» diýip, türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy nygtady.
«Hyzmatdaşlygymyz türkmen tebigy gazy üçin täze bazarlary — ilki Türkiýede, soňra bolsa Türkiýäniň üsti bilen Ýewropada-da açar. Bu biziň halklarymyza uzak möhletleýin peýda getirer we tutuş sebitimizde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ýardam eder» diýip, Abdulwahit Fidan belledi.