Aşgabatda Hazarýaka döwletleri ylmy hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

Aşgabatda Hazarýaka döwletleri ylmy hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar

Aşgabatda Hazar deňzi institutynda 27-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi başlandy. Gatnaşyjylar Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-sahypasynda habar berilýär.

Aşgabatda geçirilýän mejlis Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmegiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ara alnyp maslahatlaşylýan resminama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren halkara başlangyjynyň esasynda taýýarlanylýar. Şonda Gahryman Arkadagymyz bäştaraplaýyn bilelikdäki ylmy barlaglar üçin ulgamlaýyn meýdança döretmegi teklip etdi.

Bu taslama boýunça gepleşikleriň öňki tapgyrlary kenarýaka döwletleriniň ählisiniň umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Garaşylmagyna görä, häzirki mejlis taslamanyň galan düzgünlerini ylalaşmakda öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer.

Ygtyýarly wekilleriň işi 28-nji oktýabrda tamamlanar.

Nebitgaz №43
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№43

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993