3-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyrynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň web-sahypasynda habar berilýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Samir Pol Kapur ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryna we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunda söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge aýratyn ähmiýet berildi.
Sebitleýin gün tertibiniň çäklerinde «Merkezi Aziýa – ABŞ» («C5+1») formatyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem halkara ýagdaýynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, syýasy dialogy yzygiderli ösdürmegiň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.