«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça ýokary netijelere eýe bolmak bilen, güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly dowam edýärler. Müdirligiň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde häzirki günlerde welaýatyň obadyr şäherlerinde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 13 müň 412 kilometrden gowrak ýerine ýokary derejede gözegçilik edilip, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda üznüksiz işlemegi gazanylýar.
Bu ugurlarda müdirligiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki güýz-gyş möwsüminde alyp barýan gündelik derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Dürli basyşly gaz ulgamlarynyň bir müň ýigrimi bäş kilometrden gowrak ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa üç ýüz altmyşdan gowragyna hyzmat edýän edaranyň gazçylary gyş möwsümini ýokary taýýarlykly garşy alýarlar.