25-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetinde «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň döwrebap ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Utgaşyk görnüşde geçirilen forum degişli döwlet konsernleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we halkara energetika kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Maslahatyň umumy we mowzukly mejlislerinde gatnaşyjylar nebitgaz we himiýa pudaklarynda sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, ylymda we bilimde emeli aňyň ösdürilmegini, şeýle hem sanly infrastrukturanyň goralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Malaýziýanyň, Eýranyň, Kataryň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň we Rumyniýanyň wekilleri çykyş etdiler, olaryň käbiri göni gatnaşyk görnüşinde, käbiri bolsa onlaýn görnüşinde çykyş etdi.
Maslahat üç sany ugur boýunça – sanly tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet, ylym-bilim ulgamynda emeli aň we akylly tehnologiýalar, şeýle hem kiberhowpsuzlyk we sanly infrastrukturanyň goralmagy boýunça bölümlerde geçirildi.
Forum sanly özgertmeler we tehnologik ösüş ugrunda alymlaryň, mugallymlaryň, inženerleriň we ýaş barlagçylaryň arasynda tejribe alyşmak üçin meýdança boldy.