«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynda zähmet çekýän gazçylaryň arasynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl giňden toýlanyljak şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ýokary önümçilik sowgatlary bilen barmak ugrundaky zähmet galkynyşy emele geldi. Munuň şeýledigini hünärmenleriň hem-de işçileriň iki müňden gowragynyň zähmet çekýän ýeri bolan şu önümçilik düzümlerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda harytlyk tebigy gazy işläp çykarmak, ony daşarky sarp edijilere ugratmak boýunça gazanylýan ýokary netijeler hem doly subut edýär.
Häzir gaz käninde ulanyş guýularynyň kyrk dördüsinden ýokary basyşly tebigy gaz alynýar. Şu ýylyň geçen iki aýynda gaz käniniň guýularyndan çykarylan 4 milliard 347 million 300 müň 154 kubmetr tebigy gaz desgalarda senagat taýdan gaýtadan işlenilip, şondan 3 milliard 912 million 78 müň 610 kubmetr harytlyk gaz öndürildi hem-de daşarky sarp edijilere ugradyldy.