Nebitgazçynyň maşgalasynda üçem çaga dünýä indi
13.11.23 - 12:44Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentleriň dünýä inmegi etrapda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.
Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
13.11.23 - 12:11On aýda Türkmenistanda jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 10-njy noýanrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň on aýynyň jemleri jemlendi
13.11.23 - 12:10Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
10.11.23 - 11:16Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan YHG ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga taýýar
09.11.23 - 13:38Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde YHG-nyň mejlisine gatnaşýar
09.11.23 - 13:39Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan Yraga ýylda 9 mlrd kub metr tebigy gaz iberer
09.11.23 - 13:40Çarşenbe güni paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
TNGIZT-niň täze energiýa taslamasy GFR-iň ylmy edaralarynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy
08.11.23 - 10:50Ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanyşa girizilen täze gaz turbinalary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy ylmy edaralarynyň şahadatnamalaryna mynasyp boldy.
ÝHHG-niň Türkmenistandaky seminarynda metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri maslahatlaşyldy
08.11.23 - 10:49Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ÝHHG tarapyndan metan zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda gözegçiliklere we ylmy barlaglara bagyşlanyp, 6-7-nji noýabrda geçirilen seminara gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG_niň Aşgabatdaky Merkezi habar berdi.
Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.11.23 - 11:19Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda daşary ýurtlara awiakerosin, içerki bazara — polipropilen ýerlenildi
07.11.23 - 11:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daewoo Engineering & Construction Aşgabatda şahamçasyny açdy
06.11.23 - 15:08Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Daewoo Engineering & Construction koreý kompaniýasy 31-nji oktýabrda Aşgabatda şahamçasyny açdy. Bu şahamça Merkezi Aziýada kompaniýanyň işini giňeltmek üçin öňdebaryjy baza öwrüler diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň ýurtlaryna energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi
03.11.23 - 15:11Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitindäki çykyşynda TDG-niň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
03.11.23 - 13:17Anna gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
03.11.23 - 13:16Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.