Habarlar RSS
160768f2cc22e2.jpeg
Lebapdaky elektrik bekedi üçin gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy
14.04.21 - 23:13

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň №5 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmäge niýetlenilen gaz geçirijisiniň gurluşygyna başladylar.


16075333d30ccb.jpeg
Dirilik çeşmesiniň gözbaşynda
13.04.21 - 15:59

«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallaly zähmeti bilen üpjün edilýär.


1607543733a40f.jpeg
Türkmenistanda birinji çärýekde jemi içerki önümiň ösüşi 5,9% boldy
14.04.21 - 15:14

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Bu barada geçen anna güni şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow habar berdi.


16075862ac7579.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi
14.04.21 - 15:16

Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistana göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Hökümet mejlisinde belledi.


16073d5b16f79b.png
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.04.21 - 11:56

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


16073d45f198d6.jpeg
Petronas Hazaryň türkmen böleginde ýene-de bir nebit çykaryjy platformany işe girizdi
13.04.21 - 11:58

Geçen şenbe güni PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde GDDP-A («Garagol Deniz Drilling Platform» – «Garagol Deňiz buraw platformasy») nebit buraw platformasyny işe girizdi. Dabara Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Gyýanly şäherçesindäki Deňiz metal gurluşlary gurnama sehiniň çäginde geçirildi.


160701ef3dfb7c.jpeg
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda «Hazar deňzi — Gara deňzi» ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:56

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


160701fe3d0df1.jpeg
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:57

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada eýran hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1606ed10ea349d.jpeg
«Hazar» gazkompressor desgasy «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär
09.04.21 - 15:29

Ýyllyk kuwwaty 2 mlrd kub metre çenli bolan «Hazar» gazkompressor desgasynyň hünärmenleri «mawy ýangyjy» işläp taýýarlamak we sarp edijilere ibermek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.


1606ed0aca42b5.jpeg
Mary we Lebap welaýatlarynyň gaz geçirijilerine ygtybarly ideg edilýär
09.04.21 - 15:30

Häzirki wagtda «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2808 km bolan magistral gaz geçirijilerine, şeýle hem 77 sany gaz paýlaýjy beketlere we 15 sany gaz sazlaýjy desgalara ideg edýärler.


1606d8416bba08.jpeg
«Gamyşlyjanebit» NGÇM ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 114 müň tonnasyny çykardy
08.04.21 - 14:39

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.


1606d84b386d95.jpeg
Plastik turbalarynyň kömegi bilen 142 sany guýy abatlanyldy
08.04.21 - 14:41

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde plastik turbalaryň kömegi bilen abatlaýyş işleri geçirilen nebitgaz guýularyny işe girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar.


1606becd19a331.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
06.04.21 - 15:08

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-­publisistik žurnalynyň 2021-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.


1606bf8a606572.jpeg
Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji
06.04.21 - 15:59

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gaýratly gurluşykçylary umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşyk işlerine girişdiler. Bu gaz geçiriji Üçajy gaz käninden gözbaş alyp, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.


1606bf92e8a051.jpeg
«Galkynyş» — bereket çeşmesi
06.04.21 - 16:01

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynda zähmet çekýän gazçylaryň arasynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl giňden toýlanyljak şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ýokary önümçilik sowgatlary bilen barmak ugrundaky zähmet galkynyşy emele geldi.