BP Azerbaýjanda uzakdan dolandyryşdaky ilkinji deňiz platformasyny gurar

BP Azerbaýjanda uzakdan dolandyryşdaky ilkinji deňiz platformasyny gurar

BP kompaniýasynyň uzakdan dolandyrylmaga ukyply dünýäde ilkinji deňiz platformasy Azerbaýjanda gurulýar diýip, BP-niň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit prezidenti Geri Jons aýtdy. Muny Praým agentligi ýetirýär.

Sişenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Geri Jons «Merkezi Günorta Azeri» platformasynyň ýokarky modullaryny deňze ugratmak dabarasyna gatnaşdylar.

«Merkezi Günorta Azeri» taslamasy boýunça Jemleýji maýa goýum çözgüdi «Azeri-Çirag-Güneşli» hyzmatdaşlarynyň AÇG-de önümi paýnamalaýyn paýlaşmak hakynda ylalaşygy 2017-nji ýylda 2049-njy ýyla çenli uzaltmakdan soň ilkinji iri maýa goýum çözgüdi boldy — diýip, Jons habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bahasy 6 milliard dollar bolan taslama öz içine täze deňiz platformasyny we beýleki gündelik önümçilik desgalaryny alýar. Çaklanylyşy ýaly, taslamanyň ulanyş döwründe umumylykda 300 million barrele çenli nebit çykarylar.

— Üstesine, bu BP tarapyndan gurulýan dünýäde ilkinji uzakdan dolandyrylýan platforma bolup durýar – diýip Jons belledi.

«Merkezi Günorta Azeri» taslamasynyň direktory Nil Filipsiň Aliýewe habar bermegine görä, uzakdan dolandyrmak ýörelgesiniň çäklerinde deňiz platformasyndan ähli amallary dolandyrmak üçin baş otag taslamalaşdyryldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993