Habarlar RSS
16034a5f56556c.jpeg
«Dostluk» ýatagy dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.02.21 - 16:51

Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan Hazar sebitiniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek meselesi ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


16034a6629624c.jpeg
Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi
23.02.21 - 16:53

Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanandyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama munuň nobatdaky subutnamasy boldy.


16034a72b24331.jpeg
Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri jemlenildi
23.02.21 - 16:56

Şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi.


16034a051c7ea0.jpeg
«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasy girdejililigini artdyrýar
24.02.21 - 16:12

«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasynyň 2020-nji ýyldaky girdejisi 11,4 mln manada barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 149% ýerine ýetirildi.


160349fe09963c.jpeg
Türkmenistanyň DIM-inde Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
24.02.21 - 16:14

22-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


160336afb88c52.jpeg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy
22.02.21 - 22:45

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 19-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


160336bb451406.jpeg
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylary Ankarada gepleşikleri geçirer
22.02.21 - 22:46

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar.


160336c2be8f16.png
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.02.21 - 21:30

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.


1602e542cdd4ef.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
20.02.21 - 01:55

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8,6 göterim ýokarlandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda habar berildi.


1602df5a420eab.png
Täze bölümçe açyldy
18.02.21 - 15:05

Nebitgaz pudagynda öňdebaryjy daşary ýurt firmalarydyr kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda şeýle firmalardyr kompaniýalaryň birnäçesi ýurdumyzyň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konsernine hyzmat edip, olar diňe bir täze tehnika, enjamlar bilen üpjün etmek däl, eýsem, burawlaýyş, nebit çykaryş, düýpli abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan kärhanalara uly hemaýat edýärler. Şolaryň biri-de Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetidir.


1602df3063693c.png
TOP halkara elektrik geçirijisi gurulýar
18.02.21 - 14:54

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany ösen senagatly döwlete öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyna hem möhüm orun berilýär.


1602df240ea4c4.png
Belent sepgitlere ynamly badalga
18.02.21 - 14:51

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň düzümlerinde hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Bu barada müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynyň başlygy Baýrammyrat ORAZGELDIÝEW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Kärhanamyzyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçdyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär.


1602df1322249c.png
Demirgazyk Goturdepe: täze guýulardan nebit çykaryldy
18.02.21 - 14:46

Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň geljegi uly ýataklaryny senagat möçberinde batly depginler bilen özleşdirmek, bu ugurda daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny hyzmatdaşlyga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.


1602cbb15ab5f3.jpeg
Гурбангулы Бердымухамедов: в 2020 году рост ВВП Туркменистана составил 5,9%
17.02.21 - 16:43

В прошлом году рост ВВП Туркменистана составил 5,9%. Об этом заявил Президент Гурбангулы Бердымухамедов на состоявшемся в минувшую пятницу расширенном заседании Кабинета Министров Туркменистана, на котором подведены итоги 2020 года.


1602c9e22e4477.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny maslahatlaşdy
18.02.21 - 14:39

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed bilen 16-njy fewralda geçiren duşuşygynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.