Polipropilen we ECO-93 benzini birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy

Polipropilen we ECO-93 benzini birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 94,1 mln amerikan dollaryna barabar bolan 8 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.

Owganystanyň wekili TPP D 30 S kysymly polipropileniň 1 müň tonnasyny satyn aldylar, onuň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 130 dollar. Geleşigiň umumy bahast 1,1 mln dollardan geçdi.

Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler TPP Z 30 G kysymly polipropileniň 2 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 30 dollar. Geleşigiň umumy bahasy 2 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystandan gelen işewürler ECO-93 kysymly awtobenziniň umumylykda 100 müň tonnasyny almak boýunça geleşik baglaşdylar, onuň her tonnasyna 910 dollar hödürlenildi. Geleşigiň umumy bahasy 91 mln dollara deň boldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993