Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi maslahatlaşyldy
10.06.25 - 16:158-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gözleg işlerindäki üstünlik
10.06.25 - 04:25Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
10.06.25 - 04:20Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.
Seminar geçirildi
10.06.25 - 04:20Geçen hepdede «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda energiýa pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça düzgünnama laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa çeşmelerini import etmek baradaky täze talaplary dogrusynda gibrid görnüşinde seminar geçirildi.
Täze gidrawlik enjam netijeliligi bilen tapawutlanýar
10.06.25 - 04:10Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa we geohimiýa kafedrasynda «Buraw turbalarynyň boşluklaryndan howany gysyp çykarmak üçin innowasion gidrawlik enjam» işlenip düzüldi.
Türkmenistan we Hindistan hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe
08.06.25 - 06:296-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň we Filippinleriň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
08.06.25 - 06:285-nji iýunda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň wekilleri Filippinler Respublikasynyň Energetika ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady
06.06.25 - 13:49Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Gurban baýramy bilen gutlady.
Nebitgaz toplumynda ýylyň bäş aýynyň jemlerine garaldy
05.06.25 - 14:475-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TESC 2025 maslahatynda Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça gazananlary beýan edildi
06.06.25 - 13:475-nji iýunda Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri" (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça innowasion gözegçilik çäreleri we täsirli netijeler görkezildi.
Aşgabatda TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär
05.06.25 - 10:145-nji iýunda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
05.06.25 - 10:144-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
TESC 2025 halkara forumy başlaýar
07.06.25 - 09:235-nji iýunda Aşgabatda "Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri" atly halkara ylmy-amaly maslahat (TESC) öz işine başlaýar. Forumuň guramaçylary hökmünde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Turkmen Energy Forum” bilen bilelikde çykyş edýärler.
Türkmen-mongol gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi
04.06.25 - 05:06Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň netijeleri boýunça iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama hem-de 14 sany gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy
04.06.25 - 05:061-2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany hökmünde Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. 2-nji iýunda Ulan-Batorda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.