BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi HNGU-da nebitgaz pudagy üçin emeli aň tehnologiýalary boýunça okuw sapagyny geçirdi
29.05.25 - 04:1327-nji maýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Türkmenistan bilen Birleşen Arap emirlikleri: nebitgaz ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi.
Türkmenistan bilen Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
27.05.25 - 06:0526-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
27.05.25 - 04:15«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
27.05.25 - 05:51Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Eýranyň Prezidenti 12-nji dekabrda Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady
27.05.25 - 05:57Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Koreý kompaniýasy Türkmenistanda mineral dökünlerini öndürýän himiýa toplumyny gurar
27.05.25 - 05:52«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Türkmenistan we Eýran türkmen mawy ýangyjyny hem-de energiýasyny ibermek meselelerini maslahatlaşdylar
25.05.25 - 06:24Türkmenistan we Eýran türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” DK-a uglewodorod serişdeleriniň gözlegini netijeli dowam etmegi tabşyrdy
25.05.25 - 06:2323-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda nebit guýularynyň sany artýar
24.05.25 - 04:14"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň burawçylary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine uly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Balkan welaýatyndaky känlerde geologiýa-gözleg we buraw işleri alnyp barylýar.
Termez dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar
23.05.25 - 05:5619-21-nji maýda Özbegistanda Termez şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise 20 döwletden 200 töweregi wekil gatnaşdy.
Eýran we Türkmenistan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagy meýilleşdirýär
23.05.25 - 05:57Maý aýynyň başynda Eýranyň Gürgen şäherinde geçirilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm ädim boldy diýip, TerraNews habar berýär.
Eýranyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar
21.05.25 - 10:0420-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
21.05.25 - 10:0319-20-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň wise-prezidenti ýangyç-energetika toplumynda ýakynda gol çekilen ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler
21.05.25 - 07:0319-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Tähran dialog forumy – 2025-de Türkmenistanyň ulag we energetika strategiýasynyň ugurlary mälim edildi
21.05.25 - 07:0318-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.