Türkmenistanda benziniň öndürilişiniň depgini artýar
10:31 12.03.2026 222
Türkmenistanda benzin öndürmegiň depginleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurtda benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 122,7 % ýerine ýetirilendigini görkezmek bolar.
Bu ulgamda ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegi nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, şeýle hem Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işiniň netijeliligi bilen gönüden-göni baglydyr. Olaryň netijeli işleri bolsa, öz gezeginde, nebit we gaz çykarmak boýunça bellenen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegi netijesinde mümkin boldy.
Hususan-da, şu ýylyň ilkinji iki aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça nebit çykarmak meýilnamasy 107,3 % ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek meýilnamasy 107,1 %, dizel ýangyjyny öndürmek meýilnamasy 106,4 %, çalgy ýaglaryny öndürmek meýilnamasy 102,7 %, suwuklandyrylan gaz öndürmek meýilnamasy 119,7 %, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak meýilnamasy bolsa 106,7 % boldy.
Bu baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanowyň hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisindäki hasabatynda beýan edildi. Mejlisiň dowamynda, şeýle hem, ýanwar-fewral aýlarynda nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak hem-de olaryň dünýä bazarlaryna eksport edilýän ýollaryny giňeltmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emmanuel Makron türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Emmanuel Makron ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Baştutany energiýa serişdelerini Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini öwrenmegi tabşyrdy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň tebigy gazynyň we energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşykdy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasy ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärini hödürledi
Sişenbe güni ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe garaldy.
Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.
Şaşka bäsleşigi
Aklar başlaýar we utýar