TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we awiakerosin, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi
24.02.25 - 16:33Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň işi maslahatlaşyldy
24.02.25 - 16:3023-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli wise-premýerler, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahat geçirildi
25.02.25 - 04:15«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda maslahat geçirildi. «2024-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramaklygyň, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi we 2025-nji ýylyň wezipeleri» atly seminara korporasiýanyň jogapkär işgärleri, inženerleri, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.
BAE-niň Prezidenti Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyryldy
22.02.25 - 12:39Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çakylyk hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy
22.02.25 - 12:3821-nji fewral Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we BAE-niň wise-premzidenti energetika, nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler
22.02.25 - 12:3821-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Dragon Oil: Türkmenistanda üstünlikli hyzmatdaşlyga 25 ýyl
21.02.25 - 16:4025 ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda “Dragon Oil” kompaniýasy (BAE) Türkmenistanda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin 10 milliard dollara golaý maýa goýdy we 447 million barrel uglewodorod çykardy. Bu barada kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetine beren interwýusynda habar berdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
21.02.25 - 16:39Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Aşgabatda IFT 2025 halkara forumynda Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar maslahatlaşylar
20.02.25 - 15:4418-nji martda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" (IFT–2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «ТМТ Consulting Group» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýan forum maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirer.
Türkmenistan III Hazar ykdysady forumynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi
20.02.25 - 15:42Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar
20.02.25 - 15:43Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda geçirilen iş duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
19.02.25 - 11:1818-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy
19.02.25 - 11:18Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
Tähranda III Hazar ykdysady forumy geçirilýär
18.02.25 - 15:4017-nji fewralda Eýranyň paýtagtynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Ol bäş sany hazarýaka döwletleriniň wekillerini jemledi. AZERTAG agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýany, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag ulgamyna, söwda guramalaryna, şeýle hem işewürlik ulgamyna wekilçilik edýän wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary Duşenbede energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdylar
18.02.25 - 15:40Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi A.Goçmyradow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjigistandaky ilçisi jenap M.S.Sarwaryň duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly Duşenbedäki türkmen diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.