Türkmen-täjik işewürler forumynda söwda, ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
05.04.24 - 09:19Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi saparynyň çäklerinde Duşenbede geçirilen işewürlik maslahatynyň barşynda söwda, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan Täjigistana ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi
05.04.24 - 09:18Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň üstünden Täjigistana türkmen elektrik energiýasyny hem-de tebigy gazyny ibermek we nebit önümleriniň eksportyny artdyrmak barada teklip etdi diýip, TDH habar berýär.
Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük ulaglarynyň tapgyryny iberdi
04.04.24 - 15:46SANY hytaý kompaniýasy infrastrukturany goldamak üçin Türkmenistana 25 sany ýük ulaglaryny iberdi diýip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. “SANY kompaniýasy mart aýynda Türkmenistana SYZ320C-8Y kysymly 25 sany ýük ulagyny üstünlikli getirendigini haabr bermäge şat” diýlip kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy
04.04.24 - 06:51Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady diýip, TDH agentligi habar berýär.
PETRONAS kompaniýasy Türkmenistanyň Pariždäki maýa goýum forumynyň altyn hyzmatdaşy boldy
05.04.24 - 16:4024-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri dokary derejede dowam edýär diýip, “Turkmen-Forum” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň ÝYK agza ýurtlarynda wodorod energetikasyny ilerletmek meselesini maslahatlaşdy
04.04.24 - 00:14Türkmenistan 18-21-nji martda Ženewada (Şweýsariýa) geçirilen Metan boýunça bütindünýä maslahata gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, şol sanda Türkmenistanyň DIM-niň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri girdi diýip, metbugat beýanynda aýdylýar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda “Türkmennebit” we “Türkmengaz” DK-nyň önümleri ýerlenildi
04.04.24 - 00:13Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek meýilnamalaryny maslahatlaşdylar
04.04.24 - 00:09Gazagystanyň esasy gaz kompaniýasy bolan “NK “QazaqGaz” PJ-niň Müdirýetiniň Başlygy Sanjar Žarkeşow Aşgabada sapar bilen geldi diýip, kompaniýada habar berdiler.
Ders bäsleşigi geçirildi
02.04.24 - 06:57Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi, «Türkmennebit» DK-nyň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden ders bäsleşigi tamamlandy.
Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň Prezidenti bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
02.04.24 - 13:291-nji aprelde «Aýwan-e-Sadr» Prezident köşgünde Türkmenistanyň Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara gtnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topary 2024-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny maslahatlaşdy
02.04.24 - 13:30Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisinde 2024-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Tokioda geçirilen Türkmen-ýapon işewürler forumy taraplaryň hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
01.04.24 - 10:4927-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) işjeň goldamagynda gurnalan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki iri işewürlik forumy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
CNPC hytaý kompaniýasy Pariždäki maýa goýum forumyna gatnaşar
01.04.24 - 10:50Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça foruma gatnaşar diýlip, guramaçylar habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-ny turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldady
30.03.24 - 13:2529-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
28.03.24 - 13:3227-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.