Suw arassalaýjylaryň hyzmaty

Suw arassalaýjylaryň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Garybata» suw arassalaýjy desgasy hem kuwwatly kärhanalaryň biridir. Kärhana Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edýär. Desgada hünärmenleriňdir işçileriň bir topary agzybirlikli hem öndürijilikli zähmet çekýär. Önümçilikde toplanylan baý iş tejribesi olara enjamlara başarjaňlyk bilen erk etmeklige mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, desgada taslama kuwwatlygyna laýyklykda, her gije-gündizde 9-10 müň kub metr suw arassalanylyp, gazçylar şäheriniň ilatyna ýetirilýär.

Desganyň ýanynda «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ylmy-barlag we önümçilik işleri sehiniň barlaghanasynyň enjamlaşdyrylan barlaghana bölümçesi bolup, onda arassalanan suwuň hili pugta gözden geçirilýär. Bölümçäniň birinji derejeli inženeri Maýa Gummadowa, ýokary hünär derejeli laboranty Döwran Öwezow dagy suwdaky galyndy hlory, suwuň bulançaklygyny, ýagtylygyny ýörite enjamlaryň kömegi arkaly doly kesgitleýärler. Şondan soňra arassa suw turbageçiriji arkaly üçünji göteriji bekede ugradylýar we sarp edijilere ýetirilýär. Kärhananyň işgärleriniň häzirki günlerde desganyň enjamlaryny, suw geçirijini güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça bellenilen meýilnama laýyklykda iş çärelerini öz wagtynda, ýokary hilli geçirýändiklerini aýtmak gerek. Olar suw göteriji nasoslaryň enjamlaryny sazlamak, olara tehniki taýdan ideg etmek işlerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň zähmet adamlary, bellenilen meýilnama laýyklykda, suw geçirijiniň otuz üç metrinde ulanyş möhleti geçen turbalara derek göwrüminiň diametri 630 millimetr bolan täze turbalary gurnadylar. Işçi hünärmenler şu günler suw arassalaýjy desgany güýz-gyş möwsümine tehnologik talaplara laýyk taýýarlamak işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl