«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň iň baýry hem öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleridir işçileri şu günler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşy almak üçin öz zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar.
Ýerasty suwlarynyň gor baýlygyny artdyrmagy, Mary hem Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi özleriniň baş wezipesi hasaplaýan ekspedisiýanyň işgärleri häzirki wagtda Mary welaýatynyň çägindäki Zähmet, Garabil, Tärimli, Töreşyh, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Günbatar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy meýdançalarynda, Lebap welaýatynyň çägindäki Zähmetkeş hem-de Narazym meýdançalarynda burawlaýyş hem-de surata almak işlerini alyp barýarlar. Şeýlelikde, ady agzalan meýdançalarda ýerasty suwlaryň, mineral bejeriş suwlarynyň gözlegi, barlagy, olaryň gorlaryny hasaplamak işleri ýokary netijeli, bildirilýän talaba doly laýyk ýerine ýetirilýär.