Ýurdumyzyň günbatar sebitindäki hazynaly ýataklardan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleriniň irginsiz we netijeli zähmetinden aýrybaşga göz öňüne getirmek kyndyr. Baýlyklar känlerinde gazylan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan öndümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işler hut şu kärhanada ýerine ýetirilýär. Bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlaghanalary, şonuň ýaly-da hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň bir kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tilsimatlar göwnejaý peýdalanylýar. Aslynda hem, «Türkmennebitgeofizika» müdirligi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen kärhanadyr. Hut şonuň üçin hem müdirligiň dürli işlere ugrukdyrylan ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler özüniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan kärhanada şu ýylyň geçen hasabat döwründe hem göreldeli netijelere eýe bolundy. Has takygy, gürrüňi edilýän döwürde kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 63 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, bellenilen meýilnama 130 göterimden gowrak amal edildi. Bu görkeziji, meýilnama garanyňda, 15 million manatlyga golaý köpdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barýan geofizikler şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.